- arryk
- 1) Hor, etsiz-gansyz, süňkleri çykyşyp duran.∙ Gök ýüň şarf onuň arryk, damarlak boýnuna oralgydy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)∙ Onuň ozaldan hem arryk ýüzüniň tumşuklary gysykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Arryk adam. Arryk düşen mal.2) Gurpdan düşen, güýji gaçan, gowy hasyl bermeýän (ýer hakda).Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem arryk - arrygy.◊ arrygyňy gynamak — Bir zadyň ugrunda heläk bolmak, biderek alada etmek.∙ Arrygyňy gynama, senem pu-uç! Biziň üçin arrygyňyzy gynamaň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Dutar çalyp, aýdym aýdyp bilýän adamdan köp zat ýok, birneme arrygyňy gynamak gerek we olary tapyp getirmek gerek. («Tokmak» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.